«Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler

  • 20.10.2025 20:24
  • 16k+

Şu gün, 20-nji oktýabrda «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi. Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlarynyň hem işe çekiljekdigini belledi. Bu barada TDH habar berýär.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen owgan halky üçin täze iş orunlarynyň dörejekdigini belledi.

“Ine bu gün bolsa uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryny dowam etdirmek işleriniň şaýady bolýarys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri dabarada belledi.

Türkmensitanyň Prezidenti tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Taslamanyň gurluşygy 200-den gowrak täze häzirki zaman kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi.
Taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar.

“Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem sebite hem öz oňyn täsirini ýetirer” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......