Aşgabatda, Tejende we Daşoguzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

  • 11.10.2025 18:25
  • 13k+

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Aşgabadyň günorta künjeginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, saglygy goraýyş işgärleri ýygnandylar. Bu ýerde aýdym-saz, tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Soňra dabaranyň esasy pursatlaryna orun berildi: ýadygärlik ýazgy ýazylan ýörite gutujyk 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň gurluşyk meýdançasynyň düýbüne atyldy. Şeýlelikde, desganyň gurluşygyna resmi taýdan badalga berildi. Bu merkezde häzirki zaman lukmançylygynyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylyp, onda adamlaryň saglygyny berkitmekleri, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin zerur şertler dörediler. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň saglygy baradaky yzygiderli aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde bolsa 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu hassahana keselleri anyklamakda, olary bejermekde we öňüni almakda, näsaglara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde esasy saglygy goraýyş edaralarynyň birine öwrüler. Bu ýerde ornaşdyryljak tehnologiýalardyr enjamlar, ýöriteleşdirilen barlaglar çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berer.
Daşoguz welaýatynda geçirilen dabaralaryň barşynda ýadygärlik ýazgy ýerleşdirilen gutujyk gurluşyk meýdançasyna atylyp, merkeziň düýbi tutuldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň çäklerinde saglygy goraýyş işgärleri we dabaranyň myhmanlary ýaş nesil hakynda edýän atalyk aladalary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


düýn 12:08
4.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......