Halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanan Wepaly atly alabaý itiniň eýesine Toyota Camry V6 berildi

  • 27.10.2025 11:47
  • 45k+

2025-nji ýylda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Bäsleşigiň netijeleri 26-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde yglan edildi.

Bu alabaý iti ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan itşynasy O.Saparow.
Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy.

Dabaranyň barşynda toplumyň bäsleşik geçirilýän meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy.
Bäsleşige gatnaşdyrylýan alabaýlar görkezme çykyşlarynda eýeleriniň öwreden endiklerini tomaşaçylara görkezdiler. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daşky keşbi bilen birlikde, başarjaňlygyna hem baha berdiler. Olaryň öňünde anyk wezipeler, şol sanda päsgelçilikli zolaklary ýeňip geçmek wezipeleri goýuldy. Päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we dürslük görkezijileri hasaba alynýar.

 


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......