1-nji noýabrda Türkmenistanda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli maslahat geçiriler

  • 18.10.2025 10:41
  • 23k+

1-nji noýabrda Türkmenistanda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler. Maslahata taýýarlyk işleri barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda guraljak foruma ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş we karz edaralaryndan, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinden wekilleriň 250-siniň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini, milli manadyň sazlaşykly dolandyrylmagy bilen gazanylýan ykdysady üstünlikleri beýan etmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem pul-karz syýasaty, bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda döwrebap bank hyzmatlaryny ýola goýmak, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......