UFC 321: Gan tötänleýin Aspinalla şikes ýetirdi — titul söweşi geçirilmedik diýlip yglan edildi

  • 26.10.2025 10:00
  • 18k+

Abu-Dabide geçirilen UFC 321 ýaryşynyň çäginde agyr agramdaky titul söweşi — britaniýaly pälwan Tom Aspinall bilen fransiýaly Siril Ganyň arasyndaky duşuşyk netijesiz diýlip yglan edildi.

Gan ilkinji sekuntlardan başlap ynamly hereket etdi, aýakda söweşde çempiondan egsik gelmän, partere alma synanyşyklaryndan ussatlyk bilen baş alyp çykdy. Raundyň ahyrynda Aspinallyň burnundan güýçli gan akdy, ýöne Gan bu pursatdan peýdalanyp bilmedi. Raundyň tamamlanmagyna takmynan 30 sekund galanda Gan garşydaşyny kelläni goramadyk ýagdaýynda açyk el bilen ýüze urdy we barmaklary bilen iki gözüne hem birden degdi.
Duşuşyk derrew togtadyldy. Birnäçe minutlyk lukmançylyk barlagyndan soň Aspinall sag gözünüň açylmaýandygyny we söweşi dowam etdirip bilmejegini aýtdy. Şondan soň eminler söweşi netijesiz diýip yglan etdiler, çempion bolsa öz titulyny saklap galdy.
Söweşden soň Aspinall tomaşaçylaryň gaharly reaksiýasyna geň galandygyny aýtdy, Gan bolsa ötünç sorady we rewanşa taýýardygyny mälim etdi. MMA Mania-nyň žurnalisti Aleks Beguniniň habar bermegine görä, britaniýaly pälwan soňra hassahana äkidildi.
UFC-niň prezidenti Dana Uaýt bu jübütleriň duşuşygyny gaýtadan guramak meýilnamasyny tassyklady:

«Bu kellagyry, ýöne biz şonda-da muny ederis. Olaryň ikisi hem sagdyn, göz bilen bagly meseleden başga şikesleri ýok. Şonuň üçin mümkinçilik bolanda — bu söweşi gaýtadan gurarys» diýip, Uaýt aýtdy.

Agşamyň esasy söweşleriniň arasynda amerikaly Makkenzi Dern braziliýaly Wirna Ýandiroby eminleriň biragyzdan karar bermegi bilen utdy we ilkinji ýarym ýeňil agramda täze UFC çempiony boldy. Ol öň Weýli Çžan degişli bolan boş titul üçin söweşdi.
Günüň üçünji derejeli söweşinde russiýaly pälwan Umar Nurmagomedow amerikaly Mario Bautistany biragyzdan karar bilen utdy we ýeňil agram derejesindäki ornuny pugtalandyrdy.
Şeýle hem russiýaly pälwan Aleksandr Wolkow braziliýaly Jailton Almeida bilen bolan söweşde bölünen karar bilen ýeňiş gazandy we agyr agramda titul üçin dalaşgär boldy. Ýöne onuň mundan soňky geljegi Aspinall bilen Ganyň arasyndaky söweşiň netijesi sebäpli häzirlikçe anyk däl.


düýn 23:43
4.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......