Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny ýüzüp geçdi

  • 20.10.2025 18:10
  • 17k+

Chery kompaniýasynyň suwda ýüzýän Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny özbaşdak kesip geçen ilkinji awtomobil hökmünde taryha girdi. Ulag iki kenaryň arasyndaky 1480 metr aralygy geçip, munuň üçin 22 minut sarp etdi diýip, CarNewsChina habar berýär.

Adaty ýollardan daşary niýetlenen bu awtoulag Chery-nyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Uhu şäherindäki Heýşaçžou parom terminalyndan hereket edip başlady we Nanlun parom terminalyna ýetdi. Derýadan “ýüzüş” wagty awtomobil 5-10 km/sag tizlikli derýa akymyna garşy, takmynan, 7 km/sag tizlik bilen hereket etdi.
Autohome-yň maglumatlaryna görä, awtoulag suw geçirmeýän kuzowynyň we iki sany 25 at güýjündäki hereketlendirijisiniň kömegi bilen derýany ýüzüp geçmegi başardy. Awtomobiliň yzky böleginde oturdylan bu hereketlendirijiler suwda hereket etmäge mümkinçilik berýär. Durnuklylyk üçin bolsa kuzowyň kese ýagdaýyny saklaýan alty okly giroskop jogap berýär. Awtomobiliň hereket eden ýolunda derýanyň çuňlugy 15-20 metre ýetýär.
Zongheng G700 – uzynlygy 5198 mm, tigir bazasy 2870 mm we klirensi 320 mm bolan ulagdyr. Onuň gibrid enjamy umumy kuwwaty 761 at güýjüne ýetýän 2 litrlik turbo hereketlendirijisini we iki elektrik hereketlendirijisini öz içine alýar. 100 km/sag çenli tizligi artdyrma 4,6 sekunt wagt alýar, gibrid režimde geçýän menzili 1400 km.
Ýangyjyň sarp edilişi 100 km üçin 1,39 l barabar, 30%-den 80%-e çenli çalt zarýad alyş bolsa 10 minut wagt alýar.
Hytaýda Jetour Zongheng G700-iň satuwy 19-njy oktýabrda açyldy. Baha 349,9 müň ýuandan 429,9 müň ýuana ýetýär (takmynan, 49,1 – 60,3 müň dollar). 


düýn 23:03
542

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

06.05.2026 00:12
2.7k+

Xpeng 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär

Hytaýyň Xpeng kompaniýasy 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär. Öndüriji eýýäm 7000-den gowrak sargyt aldy, olaryň köpüsi Hytaýdan gelip gowşan sargytlar....

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......