Täze doglan çagalarda diabetiň täze görnüşi anyklandy

  • 20.10.2025 11:16
  • 3k+

Alymlar täze doglan çagalarda diabetiň öň mälim bolmadyk görnüşini ýüze çykardylar. Ol TMEM167A atly geniň mutasiýasy bilen baglydyr.

Journal of Clinical Investigation (JCI) žurnalynyň habaryna görä, bu mutasiýa insulin öndürýän aşgazanasty mäziniň β- öýjükleriniň işini bozýar we olaryň heläk bolmagyna getirýär.
Geniň öýjük proseslerine edýän täsirini öwrenmek üçin alymlar CRISPR tehnologiýasyny we ösüş öýjümlerini (stem öýjümlerini) ulanyp geçiren barlaglarynda TMEM167A geniniň diňe insulin öndürmekde däl, eýsem, nerw öýjümleriniň kadaly işlemeginde-de möhüm rol oýnaýandygyny anykladylar. Kesellän çagalarda epilepsiýa we mikrosefaliýa ýaly nerw ulgamynyň bozulmalary hem ýüze çykaryldy.
Barlagyň awtorlarynyň bellemegine görä, bu seýrek görnüşdäki diabetiň açylandygy insuliniň bölünip çykma mehanizmini has gowy düşünmäge mümkinçilik berer. Geljekde bu açyş neonatal we beýleki diabet görnüşleriniň bejergisi üçin täze usullaryň işlenip düzülmegine esas bolup biler. Häzirki wagtda dünýäde takmynan 600 million adam diabet bilen kesellän hasaplanylýar.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....