Adamyň garramagy jyns taýdan ýetişenden soň başlanýar — nemes alymlarynyň täze açyşy

  • 20.10.2025 11:21
  • 14k+

Nemes alymlary adam bedeniniň garrymagynyň ribosom DNK (rDNT) bilen baglydygyny ýüze çykardylar. Bu DNK bölegi öýjükleriň ýaşamagy üçin zerur bolup, olaryň işjeňligini üpjün edýär. Barlagyň netijeleri Aging-US žurnalynyň sahypasynda çap edildi.

Alymlar dürli ýaşdaky 280 adamyň ganynyň nusgalaryny derňäp, rDNK-nyň nusgalarynyň sanyny we olaryň metilirlenme derejesini (geniň işjeňligini peseldýän himiki alamaty) ölçediler. Netijede, jyns taýdan ýetişmeklik döwrüne çenli işjeň rDNK nusgalarynyň sany durnukly galýandygy ýa-da azajyk köpelýändigi anyklandy. Bu ýagdaý öýjükleriň molekulýar derejede ýaş saklanmagyna kömek edýär.
Emma jyns taýdan ýetişenlerinden soň, işjeň rDNK nusgalarynyň sany azalýar, metilirlenme derejesi bolsa ýokarlanýar. Alymlaryň pikiriçe, bu üýtgeşmeler garrylygyň tebigy mehanizmlerini işe girizýän alamat bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin biologiki garrylyk adamyň dogluşyndan däl-de, köpelişe taýýar bolan pursadyndan başlanýar diýilýär.
Barlagyň awtorlarynyň bellemegine görä, ýaş adamlarda rDNK-nyň ýagdaýy öýjükleriň saglygyny saklamaga kömek edýär we bu ýagdaý ösüşiň gijikmegi ýa-da patologiýa bilen baglanyşykly däl. Bu mehanizmleriň öwrenilmegi garrylygyň netijeleri bilen däl-de, onuň öňüni almak bilen göreşmegiň täze mümkinçiliklerini açýar.
Mundan öňki bir barlagda bolsa, çaý we kofe ýaly içgileri belli bir mukdarda içmegiň, olaryň düzümindäki kofein, fenol birleşmeleri we flawonoidler ýaly neýroprotektor maddalar arkaly, diabetli adamlaryň ömrüni uzaldyp biljekdigi hem bellenipdi.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....