Kaliforniýada kenara Günorta ýarymşarda duşýan syrly, iki tonnalyk balyk zyňlyp çykdy

  • 20.10.2025 10:23
  • 20k+

Demirgazyk Kaliforniýanyň kenarynda ýerli ýaşaýjylar kenara zyňlyp çykan uly, adaty bolmadyk balygy tapdylar. Soňra anyklanyşyna görä, bu adatça Günorta ýarym şarda ýaşaýan seýrek gudwinker güneş balygy (Mola tecta) bolup çykdy. Bu görnüş diňe 2017-nji ýylda resmi taýdan beýan edilipdi diýip, IDR neşiri habar berýär.

Balygy ilkinji bolup ýerli ýaşaýjy Stefan Kisbaý görüpdir. Ilkibaşda ol ony ölen deňiz düwleni diýip pikir edipdir, ýöne balygyň adaty bolmadyk, diýen ýaly tekiz görnüşi onuň ünsüni çekipdir.

“Bu görlüp-eşidilmedik, hyýaly bir zatdy — göýä başga bir planetadan gelen ýaly görünýärdi,” — diýip, Kisbaý öz tapyndysyny suratlandyrdy.

Adamlar balygy gaýtadan ummana goýbermäge synanyşdylar, ýöne ol öldi.


Identifikasiýany bu görnüşi ilkinji gezek suratlandyran alym doktor Marianna Nýugor geçirdi. Ol suratlaryň esasynda balygyň hakykatdanam dünýädäki iň agyr süňkli balyklaryň biri bolan Mola tecta-dygyny tassyklady. Onuň agramy iki tonnadan gowrak bolup, uzynlygy 2,7 metre çenli ýetýär.

Alymlar bu görnüşiň demirgazyk suwlarynda seýrek duş gelýändigini belleýärler. Şonuň üçin Kaliforniýada peýda bolmagy onuň ýaşaýan meýdany we göçüş ýoly baradaky öňki maglumatlara gabat gelmeýär. Bu waka ylmy jemgyýetde uly gyzyklanma döretdi — häzirki wagtda Dewisdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň ýanyndaky Bodega deňiz laboratoriýasy genetiki derňew geçirmek üçin balygyň dokuma nusgalaryny barlaýar.
Wakadan soň Sonoma County Regional Parks guramasynyň wekilleri ilaty kenara çykyp galan deňiz haýwanlaryna ýakynlaşmazlyga hem-de olary özbaşdak halas etmäge synanyşmazlyga çagyrdylar. Şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda diňe hünärmenlere habar bermek maslahat berilýär.


23.03.2026 07:22
6.1k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.3k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...

16.03.2026 19:31
4.9k+

Gawaidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawai adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy...

12.03.2026 23:40
13k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...