Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

  • 23.03.2026 07:22
  • 6.6k+

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär.

Ýagşyň birnäçe günläp üznüksiz dowam etmegi adanyň ýollaryny bekläp, öýlere we gurluşyk desgalaryna zyýan ýetirdi.

Edil häzirki wagtda dereksiz ýiten ýa-da heläk bolan adam hasaba alynmady. Gonolulunyň häkimi Rik Blandžardyň maglumatyna görä, diňe 10 adam sowuklama sebäpli hassahana ýerleşdirildi, 200-e golaý adam bolsa ýerinde halas edildi.

Alymlary we häkimiýetleri Oahu adasyndaky 120 ýyllyk Wahiawa bendi alada goýýar. Bir gije-gündiziň dowamynda suwunyň derejesi 24 metrden 25,5 metre çykyp, betbagtçylykly derejä ýetmäge bary-ýogy 1,8 metr galan bendiň ýagdaýy häzir örän ýaramaz we ýarylmak howpy bar. Şol sebäpli häkimiýetler adanyň ýaşaýjylaryny has belent ýerlere geçmäge çagyrýarlar.

Ştatyň gubernatory Joş Griniň hasaplamalaryna görä, siliň ýetirjek ykdysady zyýany 1 milliard dollardan geçip biler.

Howa boýunça mundan aňyrky çaklamalar hem ýerli ýaşaýjylara rahatlanmaga maý berenok. Şu günler Oahu adasyna ýene-de 15–20 sm ýagyş ýagmagyna garaşylýar.


17.06.2026 11:34
5.3k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.6k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.6k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......