Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi

  • 20.10.2025 19:42
  • 22k+

Şu gün, 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistan Owganystan bilen özara hormat goýmak we dost-doganlyk gatnaşyklaryň esasynda giň gerimli bilelikdäki taslamalary, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda dürli taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Munuň özi goňşy ýurduň parahatçylykly durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi we häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň abadan durmuşyny pugtalandyrmaga yzygiderli goldaw berýär.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......