Gurbanguly Berdimuhamedow Hyratda Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

  • 21.10.2025 06:38
  • 18k+

20-nji oktýabrda Owganystana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen we owgan doganlyk halklarynyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Iki ýurduň energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda bilelikde durmuşa geçirmäge gatnaşýan ägirt uly taslamalarynyň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi aýratyn bellenildi.
Şeýle giň gerimli taslamalar ýurtlary birleşdirip, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsine öwrüler diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu taslamalaryň iki ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge giň şert döretjekdigine, doganlyk owgan halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine, täze iş ýerleri bilen üpjün etjekdigine berk ynam bildirdi.
Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistan ýaly parahatçylyk söýüjilikli goňşusynyň bolmagynyň Owganystan üçin möhüm strategik ähmiýete eýedigini belledi hem-de owgan halkyna berýän yzygiderli goldawy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şeýle hem Abdul Gani Baradar Türkmenistandan Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigini belläp, munuň üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......