AstraZeneca-nyň taýýarlan täze derman serişdesi durnukly gipertoniýaly näsaglarda gan basyşy peseltdi

  • 12.10.2025 22:39
  • 2.3k+

AstraZeneca farmasewtika kompaniýasy täze taýýarlan baxdrostat atly eksperimental serişdesiniň soňky kliniki synaglardan üstünlikli geçendigini we bejermesi kyn gipertoniýaly näsaglarda gan basyşy peseltmäge kömek edendigini mälim etdi. Bu barada Reuters habarlar gullugy ýazýar.

12 hepdelik kliniki barlagyň dowamynda näsaglara adaty bejergä goşmaça 2 mg baxdrostat berildi. Derman gan basyşyny kadalaşdyrýan aldosteron gormonyna täsir edýär, şonuň üçin onuň hereket mehanizmi adaty diuretiklerden we ACE ingibitorlaryndan tapawutlanýar.
Kompaniýa serişdäni ýylyň ahyryna çenli bellige almak üçin ýüz tutmagy meýilleşdirýär we onuň ýyllyk satuwlarynyň 5 milliard dollardan geçjekdigini çaklaýar.
Şol bir wagtyň özünde baxdrostat dowamly böwrek keselini bejermekde hem-de ýürek ýetmezçiliginiň öňüni almakda ulanylmagy boýunça öwrenilýär.
Bu derman serişdesiniň işlenip taýýarlanylmagy AstraZeneca-nyň 2023-nji ýylda ABŞ-nyň CinCor Pharma kompaniýasyny satyn almasyndan soň ýürek-damar keselleri boýunça toplumyny giňeltmek strategiýasynyň bir bölegine öwrüldi.


düýn 12:08
4.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......