Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasyny goldaýandygy üçin Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi

  • 20.10.2025 20:41
  • 17k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biridigini belledi. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga bermek dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasynyň TOPH gaz geçiriji taslamasynyň konsultant-maslahatçysy bolup çykyş edýändigini belläp, bu kompaniýanyň goşandyny aýratyn belläp geçdi.

“Brownstein” kompaniýasy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigigi belledi.
Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp sanly ugurlary öz içine alýar. Bu ugurlara özara söwda, maýa goýumlary hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenilip geçildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri köp ýyllardan bäri belli amerikan kompaniýalary Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirýändigini belledi.
Ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýan kompaniýalaryň hatarynda Amerikanyň «Boeing», «Case New Holland», «John Deere», «Caterpillar», «General Electriс», «Sikorsky», «Nicklaus Design» kompaniýalary agzalyp geçildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli halkara maslahatlary goldap, öz gutlagyny iberendigi, şeýle hem «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......