Ilon Mask 1 trln dollar tölemeseler, Tesla-dan gitjekdigini aýtdy

  • 22.10.2025 17:53
  • 15k+

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask paýdarlar 1 trln dollar möçberde täze öwez bukjasyny tassyklamasa, kompaniýadan gitjekdigini ýaňzytdy. On ýyla niýetlenen täze töleg maksatnamasy üçin paýdarlar indiki aýyň başynda ses berer.

Töleg maksatnamasy käbir maksatlaryň ýetilmegine bagly bolar, olaryň biri-de Tesla-nyň bazar bahasyny 8 trln dollara ýetirmekdir. Reuters-iň wekilleriniň hasaplamalaryna görä, eger kompaniýa esasy maksatlara ýetmese-de, Mask 20 – 40 mlrd dollar alar, bu hem öňde goýlan maksatlara ýetilmedigi üçin taryhda iň uly öwez bukjasy bolar.
Bellenilişi ýaly, Mask eýýäm Tesla-dan kompaniýanyň öz taryhynda gazananyndan hem köp aldy. Ol hysyrdyly işiniň arasynda X-däki agzalary bilen geljekki ses berişlik barada söz alyşmaga-da wagt tapýar. Ulanyjylaryň biri töleg bukjasynyň birinji böleginiň berilmegi barada gyzyklananda, Mask, eger maksatnama tassyklanmasa, baş direktor wezipesinde galmajakdygyny aýtdy.

“Tesla beýleki awtomobil kompaniýalarynyň ählisini bilelikde alanyňdan hem gymmata durýar. Bu baş direktorlaryň haýsy birini Tesla-nyň ýolbaşçysy hökmünde görmek islärdiňiz? Men ol wezipede bolman” – diýip, milliarder ýazdy.

Ses berişlik 2025-nji ýylyň 6-njy noýabryna meýilleşdirildi. Paýdarlar iki ýoldan birini saýlamaly bolar: eger olar bukjany tassyklamasalar, olar Masky ýitirip biler, bu hem paýnamalaryň bahasynyň pese gaçmagyna getirer, bukjanyň tassyklanmagy bolsa ýolbaşça işini dowam etdirip, doly derejeli sürüjisiz awtomobilleriň we Optimus gumanoid robotlarynyň üstünde işlemegine mümkinçilik berer.
Belläp geçsek, Mask tehniki taýdan Tesla-nyň esaslandyryjysy däl: ol kompaniýa soň goşuldy, ýöne ahyrynda kazyýetiň üsti bilen özüni esaslandyryjylaryň biri diýip atlandyrmak hukugyny gazandy. Onuň şahsy baýlygynyň esasy bölegi hut Tesla-nyň paýlarynyň hasabyna emele gelýär. 


20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......