Çöregiň bahasy boýunça ýurtlaryň reýtingi düzüldi

  • 18.10.2025 12:43
  • 19k+

Dünýäde 0,5 kg agramly ak çörek batonynyň ortaça bahasy 1,74 dollara barabar. Çörek üçin iň gymmat baha Jibutide, iň pes baha bolsa Alžirde hasaba alyndy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Jibutide çöregiň bahasy 9,42 dollar. Munuň sebäbi ýurduň azyk önümleriniň, şol  sanda bugdaýyň importyna garaşly bolmagydyr. Şeýle-de, iň ýokary bahaly ýurtlaryň onlugyna Bermuda (8,53 dollar), Kaýman adalary (6,29 dollar), Monako (5,31 dollar), Bagama (5,21 dollar), Kongo (5,02 dollar), Merkezi Afrika Respublikasy (4,49 dollar), Islandiýa (4,25 dollar), Lihtenşteýn (4,18 dollar) we Günorta Afrika Respublikasy (4,15 dollar) girdi.
Alžir çöregiň bahasynyň iň elýeterli bolan ýurdy boldy. Döwlet goldawynyň netijesinde bu ýerde çöregiň bahasy bary-ýogy 0,17 dollara barabar. Onuň yzyndan Tunis (0,19 dollar), Eswatini (0,20 dollar), Owganystan (0,24 dollar) we Liwiýa (0,28 dollar) gelýär.
Bahalaryň şeýle tapawudy importyň, döwlet goldawynyň we ýaşaýyş derejesiniň dünýäniň dürli ýurtlarynda esasy azyk önüminiň elýeterliligine ýetirýän täsirini görkezýär.  

düýn 11:41
2.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
2.9k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......