Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk binasynyň ýanynda iş maslahatyny geçirdi

  • 25.10.2025 08:45
  • 15k+

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Bu topar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilipdi.

Iş maslahatynda paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylýan dürli maksatly binalarda alnyp barylýan işler, Bitaraplyk binasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan binalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň, yşyklandyryş we ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga gönükdirilen işler, gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde döredilýän Bitaraplyk seýilgähiniň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň teklip edilýän görnüşleri, Bitaraplyk muzeýiniň içki bezeg işlerine degişli serişdeler bar.
Şeýle hem bu künjegiň ýol-ulag düzümine degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, meýilleşdirilen ähli işleriň ýokary hil derejesinde we kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.
Bu barada aýtmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk binasynyň töweregindäki desgalaryň gurluşygynyň we bezeg işleriniň bu mukaddes künjegiň derejesine laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara BMG-ä agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunda myhmanlaryň türkmen halkynyň milli däpleriniň esasynda garşylanylmagyna, olara ýokary derejeli hyzmatlaryň hödürlenilmegine zerur üns berilmelidir.
Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde gül goýmak çäresi bilen başlanjak dabaralaryň guramaçylyk ýagdaýy halkara derejede ykrar edilen kadalara laýyk gelmelidir. Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk muzeýinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhyna, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegine degişli maglumatlara, resminamalara möhüm orun berilmelidigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......