Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde polisiýa edaralarynyň we muzeýiň taslamalary bilen tanyşdy

  • 22.10.2025 13:07
  • 20k+

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklaryny synlady. Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde önümçilikleriň ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyna täsirini ýetirmezden alnyp barylmalydygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyryň gurluşygynyň batly depginde alnyp barylýan ýerine gelip, bu ýerde şekil taslamalary bilen tanyşdy. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň binalarynyň, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň içki bezeg işleriniň, onuň sergi bölümleriniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.
Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça durmuş maksatly, ýol-ulag düzümine degişli desgalarda we beýleki ugurlarda ulanylýan, halkara derejede ykrar edilen reňkleriň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara derejede ykrar edilen reňkleri synlap, olaryň degişli ugurlarda ulanylmagy teklip edilýän görnüşlerini seljermegiň ähmiýetlidigini belledi. Soňra reňkleriň saýlanyp alnan görnüşleri Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlener. Olaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan tassyklanmagy bilen, her ugra mahsus görnüşleri işjeň ulanylar.
Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň bezegleriniň, ýolýakalardaky germewleriň, yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň binalarynyň hersiniň mahsus reňkler bilen bezelmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, saýlanyp alnan reňkler ýagyş-ýagmyra, Gün şöhlesiniň täsirine çydamly bolmalydyr. Olaryň uzak möhletleýin kadalara laýyk gelmegi möhüm talap bolup durýar.


11.05.2026 22:55
876

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......