Nýu-Ýorkda “millionerleriň köçesinde” 102 gatly bina ýumrulyp başlady

  • 23.10.2025 18:09
  • 17k+

Ýakynda Nýu-Ýorkdaky Park-awenýuda gurlan 102 gatly ýaşaýyş jaýy ýumrulmak howpunyň astynda düşdi. The New York Times-yň maglumatlaryna görä, munuň güman edilýän sebäbi gurluşykda ulanylan betonyň düzüminiň üýtgedilmegi boldy. Eger bina dikeldiş işlerini geçmese, ol ýaşamak üçin amatsyz we ötegçiler üçin howply bolar.

Ýaşaýjylar diwarlarda jaýryklaryň bardygy, potolokdan suw syzýandygy we liftleriň yzygiderli döwülýändigi barada habar berýär. Kazyýet resminamalaryndan we ýaşaýjylar bilen jaý gurujylaryň arasyndaky hatlardan ugur alsaň, meseleleriň ýüze çykmagynda ak fasadyň möhüm rol oýnandygy görünýär.
NYT-yň belleýşi ýaly, beton, adatça, sementdäki demir oksidleri sebäpli çal reňke eýe bolýar. Komponentleriň düzüminiň üýtgemegi onuň berkligine, reňkine we ulanylyş aýratynlyklaryna täsir edip bilýär.
Ýaşaýjylar bu meseleden 2017-nji ýylda zeýrenip başlady. 2021-nji ýylda olar ilkinji şikaýat arzasyny berip, 165 mln dollar möçberde öwez tölegini talap etdi.
Park-awenýu, 432 salgysy boýunça ýerleşýän bu bina dünýäde iň beýik ýaşaýyş binasy hökmünde göz öňünde tutulyp, millionerleriň köçesiniň “dürdänesi” hasaplanýardy. Binanyň belli ýaşaýjylarynyň arasynda maliýeçi Lýuis Sanders we saud milliarderi Fawaz Al-Hokaýr bar. 


düýn 19:53
1.9k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......