Ýewropada kitleriň süňkünden ýasalan iň gadymy gurallar tapyldy. Awçylar olary 20 müň ýyl ozal ulanypdyrlar

  • 01.06.2025 19:05
  • 4.4k+

Arheologlar Biskaý aýlagynyň kenaryndan kitleriň azyndan bäş görnüşiniň süňklerinden ýasalan süňk gurallary tapdylar. Olaryň ýaşy 20 müň ýyl töweregi, diýmek, olar şunuň ýaly görnüşdäki gurallaryň iň gadymysydyr diýip, New Scientist neşiri ýazýar.

Fransiýanyň Žan Žores adyndaky Tuluza uniwersitetiniň Žan-Mark Petilýonyň ýolbaşçylygyndaky ýewropaly antropologlar topary 83 sany süňk guraly öwrendi. Artefaktlar Fransiýanyň günorta-günbataryndaky we Ispaniýanyň demirgazygyndaky 26 gowakdan tapyldy. Bular, esasan, naýzalar we saplaryň bölekleri. Megerem, olar ýabany öküzleri we demirgazyk keýiklerini awlamakda ulanylan bolsa gerek.
Ozal gurallaryň kit süňkünden ýasalandygy baradaky çaklama öňe sürülýärdi, ýöne bu gözçeni bilen kesgitlenmä esaslanýardy. Muny barlamak üçin alymlar kollageniň himiki seljermesini geçirdiler. Netijeler 71 predmetiň kit şekillileriň süňkünden ýasalandygyny tassyklady. Olardan 66-sy anyk bäş kit görnüşiniň süňkünden ýasalypdyr. Gurallaryň ýarysy diýen ýaly kaşalotyň süňklerinden, galanlary finwal kitinden, gök, çal we grenland kitlerinden ýasalan.

Ispaniýada tapylan iň köne nusganyň ýaşy 20 200 – 19 600 ýyl aralygyndadyr.

"Bizi geň galdyran zat, bu gurallaryň hemmesiniň bir döwre degişli däldigi: olaryň köpüsi 17 500-16 000 ýyl mundan ozalky döwre degişli. Bir hili "modanyň” täsiriniňem bardygyny güman edýäris. Ilki sanaýmaly nusgasy peýda bolan wagty olara gyzyklanma az bolupdyr, ýöne soň isleg artyp, önümçiligi birden ýokarlanypdyr, soňra-da birden kesilipdir" -diýdi Petilýon düşündirdi.

Kit awçylygy hakda gürrüň ýok - süňkler kenara zyňylan läşlerden ýygnalan bolsa gerek.
Barlagyň netijeleri Nature Communications žurnalynda tanyşdyryldy.


22.06.2026 23:12
3.4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......