Alymlar “içki ses” bilen ýürek urşunyň arasynda geň baglanyşyk tapdylar

  • 19.11.2025 13:38
  • 4.4k+

Daniýanyň Orhus uniwersitetiniň psihologlary adamyň içki sesiniň — ýagny öz-özüne içinden gürlemeginiň — bedeni hereketsiz galanda-da, ýürek ritmini üýtgetmäge ukyplydygyny görkezdiler. Işiň netijeleri Psychophysiology žurnalynda çap edildi.

Gözleg we synag boýunça maglumatlar
Gözlegçiler içki dialogyň ünsi jemlemäge, kararlar kabul etmäge we duýgulary dolandyrmaga kömek edýändigini köpden bäri bilýärler. Mikkel Wallentiniň ýolbaşçylygyndaky täze synaga 18-den 75 ýaşa çenli 90 sany meýletinçi gatnaşdy.
Gatnaşyjylar düşekde ýatyp, ýürek ritminiň datçiklerine birikdirildi we üç sany wezipäniň birini ýerine ýetirdiler: Oňyn sözlemleri (mysal üçin, "Men başararyn", "Meniň elimden geler"); Oňyn däl sözlemleri ("Men ýeterlik gowy däl") içinden aýtdylar. Ýa-da diňe sanlary sanadylar.
Fiziki işjeňligiň täsirini aradan aýyrmak üçin hereketler berk gözegçilikde saklandy.

Netijeler

Belli bolşy ýaly, emosional içki ses — oňyn we oňyn däl — içki "gürrüňdeşlik" başlanandan takmynan 10 sekuntdan soň ýürek urşuny çaltlandyrypdyr. Pulsuň ortaça ýokarlanmagy minutda bir urgudan az bolsa-da, bu effekt statistik taýdan ähmiýetli boldy.
Alymlar oňyn we oňyn däl sözlemleriň arasynda tapawut tapmadylar — içki sözüň iki görnüşi hem fiziologiki jogaby deň derejede işjeňleşdirdi.

"Biz sözleri sesli aýtmasak we hereket etmesek hem, beýni we beden emosional pikirleri kabul edýär (jogap berýär). Biziň içki dialogymyz ýürek ritmimizde şöhlelenýär" — diýip, Mikkel Wallentin belledi.


şu gün 12:00
392

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......