Alymlar haýsy ýurtlarda adamlaryň tebigat bilen baglanyşygy has güýçli duýýandygyny kesgitledi

  • 07.11.2025 06:25
  • 3.9k+

Beýik Britaniýanyň we Awstriýanyň alymlary dürli ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň tebigat bilen arabaglanyşygy näderejede duýýandygyna düşünmek üçin ylmy gözleg geçirdi. Olar 61 döwlet boýunça maglumatlary seljerip, degişli reýtingi düzdüler diýip, The Guardian habar berýär.

Ylmy gözlegde tebigat bilen arabaglanyşygyň adamyň diňe bir daşky dünýä fiziki ýakynlygyny däl-de, eýsem beýleki jandarlar bilen gatnaşyklaryny görkezýändigi bellenilýär. Tebigat bilen güýçli arabaglanyşygy duýýan adamlar, adatça, özüni emosional we fiziki taýdan has gowy duýýar we daşky gurşaw üçin jogapkärli hereketi ýerine ýetirmäge meýilli bolýar. Şeýle arabaglanyşygyň pes derejesi biodürlüligiň azalmagyna getirýän sebäp hasaplanýar.
Şeýle-de, alymlar jemgyýetde ruhanalygyň ýokary derejesiniň adamyň tebigat bilen çuňňur baglanyşygyň möhüm görkezijisidigini belledi. Ylmy gözlegiň ýolbaşçysy Maýlz Riçardson “tebigat bilen arabaglanyşygyň – diňe bir edýän zadymyz däl-de, eýsem biziň janly dünýäde öz ornumyzy nähili duýýandygymyz, pikir edýändigimiz we gymmatlaýandygymyzdygyny” belledi.
Seljermeden görnüşi ýaly, Nepalyň ilaty tebigat bilen has ýakyn arabaglanyşygy görkezýär. Onuň yzyndan Eýran, Günorta Afrika, Bangladeş we Nigeriýa gelýär.
Mysal üçin, Fransiýa sanawda 19-njy, Russiýa 52-nji, Beýik Britaniýa bolsa 55-nji orny eýeledi. 


şu gün 12:00
392

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......