Mýanmada ýantarda ýaşy 99 mln ýyl bolan çybyn liçinkasy tapyldy

  • 07.11.2025 06:22
  • 3k+

Mýanmadaky Kaçin ştatynda ýaşy 99 mln ýyl bolan ýantar böleginde häzire çenli belli bolanlaryň arasynda iň gadymy çybyn liçinkasy tapyldy diýip, Independent habar berýär.

Tirannozawrlaryň döwürdeşi bolan bu tapyndy ozal näbelli görnüşiň wekili bolup çykdy. Oňa Cretosabethes primaevus ady berildi.


Mundan öň alymlara şol döwrüň diňe uly çybynlarynyň galyndylaryny tapmak başardypdy. Bu mör-möjekler, adatça, häzirki wagtda ýitip giden Culicidae maşgalasyna degişli bolan Burmaculicinae toparyna degişli edilýärdi. Olardan tapawutlylykda, Cretosabethes primaevus çybynlaryň häzirki görnüşlerini-de öz içine alýan Sabethini toparyna degişli edildi.
Lýudwig we Maksimilian adyndaky Mýunhen uniwersitetinden zoolog Andre Amarala liçinkanyň häzirki mör-möjeklere örän meňzeşdigini belledi. Tapyndy hek döwründe çybynlaryň ýitip giden görnüşleriniň häzirki günlere çenli ýaşan görnüşler bilen bilelikde ýaşan bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Şeýle tapyndy mör-möjekleriň ewolýusiýasyna has gowy düşünmäge kömek edýär.


şu gün 12:00
2.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......