Iki sany derman serişdesi syçanlaryň ömrüni 30% uzaltdy. Indiki synag adamlarda

  • 02.06.2025 13:31
  • 5.7k+

Maks Plank Jemgyýetiniň Garramagyň biologiýasy institutynda (Germaniýa) syçanlarda birnäçe synag geçirip gördüler. Barlagçylar rapamisin bilen trametinibiň birleşmeginiň haýwanlaryň ömrüni takmynan 30% uzaldýandygyny anykladylar. Bu barada Nature Aging žurnalynda çap bolan makala salgylanýan EurekAlert ýazýar.

Dermanlaryň her biriniň aýratynlykda az täsirlidigi bellendi: rapamisin ömrüň dowamlylygyny 15-20%, trametinib bolsa 5-10% ýokarlandyrdy.
Utgaşdyrylan bejergi garrap barýan haýwanlaryň saglygyna hem oňyn täsir etdi. Dermanlary alan syçanlaryň dokumalarynda we beýnilerinde dowamly çişmegiň alamatlary azdy. Mundan başga-da, olarda çiş döremek ähtimallygy azdy.
Rapamisin we trametinib - bular düwnük keselini bejermek üçin ulanylýan dermanlardyr. Olaryň işleýiş mehanizmi tapawutly. Rapamisiniň geroprotektiki häsiýete eýedigi öňem mälimdi, ýagny ol garramagy haýalladyp bilýärdi. Emma trametinibde şeýle häsiýetleriň bardygy ilkinji gezek anyklandy.
Alymlar dermanlaryň bilelikde gen işjeňligine täsir edýändigini anykladylar. Şonda goşmaça zyýanly täsirleri tapylmady.
Indi barlagçylar kliniki synaglary adamlarda geçirmegi meýilleşdirýärler. Iki derman hem lukmançylykda ulanmak üçin eýýäm tassyklandy. Alymlar indi ygtybarly we täsirli dozany kesgitlemeli.

"Mundan buýana adamlarda geçiriljek barlaglar bu derman serişdeleriniň nähili peýdasynyň bardygyny we kime peýdaly bolup biljekdigini görkezer" -diýip, Maks Plankyň Garramagyň biologiýasy institutynyň genetiki we müdiri Linda Partrij belleýär.


düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......