Garaharsaň hatda adatdan daşary kosmos şertlerinde-de ýaşaýşa ukyply bolup çykdy

  • 26.11.2025 10:04
  • 2.2k+

Physcomitrium patens garaharsaň (moh) görnüşiniň sporalary Halkara kosmos stansiýasynyň daşynda dokuz aý bolandan soň hem ýaşaýşa ukyply bolup galdy. Kosmosda wagty olar wakuuma, temperatura üýtgemelerine, mikrograwitasiýa, ultrabenewşe şöhlelerine we kosmos radiasiýasyna sezewar boldy diýlip, iScience žurnalyndaky täze makalada aýdylýar.

Synag 2022-nji ýylyň martynda geçirildi. Astronawtlar 20 müň sporaly konteýnerleri HKS-iň daşky tarapynda berkitdi. Ýere gaýdyp gelnenden soň, alymlar kosmosda bolan sporalary barlaghanadaky gözegçilik topary bilen deňeşdirdi. Ultrabenewşe şöhlesinden goralan sporalar gözegçilik toparynyňky ýaly (97%) ösüş görkezdi. Kosmos şertlerine sezewar bolan sporalar bolsa 80%-den gowrak derejede ýaşaýşa ukyplylygyny saklap, sagdyn ösümlikler bolup ýetişdi.
Garaharsaň Ýerde iň gadymy ösümlikleriň biridir. Olaryň ata-babalary, takmynan, 450-500 mln ýyl ozal gury ýeri özleşdiren ilkinji ösümlikleriň hatarynda bolupdyr. Olar briofitler (Bryophyta) toparyna degişlidir. Garaharsaň ýalaňaç üstleri (daşlar, çäge, sowuk we gurak ýerler) ilkinji bolup özleşdirmäge ukyplydyr, sebäbi olaryň sporalary ýel bilen aňsat ýaýraýar, ýaşaýşa ukyplylygyny uzak wagtlap saklaýar we ýaramsyz şertlere çydap bilýär.
Garaharsaňyň ösümlik bölegi birneme gowşak bolup, ultrabenewşeden, çigrekden, ýokary duzlulykdan ýa-da birnäçe gün-hepde suwsuzlykdan ölýär.
Sporalaryň çydamlylygynyň syry olaryň gurluşyndadyr: köp gatly örtük içindäki esasy zady goraýar. Hokkaýdo uniwersitetinden (Ýaponiýa) ylmy gözlegiň awtory Tomomiçi Fudzitanyň aýtmagyna görä, garaharsaňlarda bu ukyp irki Ýeriň ýowuz klimatynda diri galmak üçin peýda bolupdyr.
Alymlar käbir sporalaryň hatda 15 ýyla çenli kosmos şertlerine çydap biljekdigini çaklaýar, bu açyş astrobiologiýa üçin möhüm bolup, ýaşaýşyň adatdan daşary şertlerde hem dowam edip biljekdigini görkezýär.
Käbir hünärmenler, şol sanda Täze Günorta Uels uniwersitetinden biolog Dewid Eldrij sporalar gönüden-göni kosmosda ösüp, köpelip bilermi diýen esasy soragyň açyk bolup galýandygyny belleýär. 


düýn 14:59
639

NASA: «Artemis II» missiýasy gyzlary kosmosa uçmaga höweslendirdi

Kristina Kukuň gatnaşmagyndaky «Artemis II» missiýasy dünýä ýüzündäki ähli gyzlar üçin älem giňişligine barýan ýoluň zenanlar üçin hem açykdygy baradaky möhüm habar boldy. Munuň şeýledigi NASA-nyň orbitadaky......

11.05.2026 23:19
3.6k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

11.05.2026 15:59
1.8k+

NASA-nyň Mars synagyna gatnaşyjylar üzňelikde 200 gün geçirdiler

NASA tarapyndan guralan CHAPEA maksatnamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşyjylar, Mars ekspedisiýasynyň şertlerini gaýtalaýan toplumyň içinde doly üzňelikde 200 günden gowrak wagt geçirdiler. Bu ylmy synag jemi......

10.05.2026 14:09
1.4k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......