NASA: «Artemis II» missiýasy gyzlary kosmosa uçmaga höweslendirdi

  • 12.05.2026 14:59
  • 1k+

Kristina Kukuň gatnaşmagyndaky «Artemis II» missiýasy dünýä ýüzündäki ähli gyzlar üçin älem giňişligine barýan ýoluň zenanlar üçin hem açykdygy baradaky möhüm habar boldy. Munuň şeýledigi NASA-nyň orbitadaky çaknyşyk töwekgelçiliklerini seljeriş programmasynyň ýolbaşçysy Alinda Maşikunyň BMG-niň Habarlar gullugyna beren söhbetdeşliginde hem duýulýar.

«Bu missiýa ýaş nesil üçin arzuwlaryň hasyl bolup biljekdigine örän gowy subutnamadyr. Eger adam Ýerden aýrylyp, yzyna dolanmagyň ýoluny tapmagy başarýan bolsa, diýmek, mümkin däl zat ýokdur» diýip, Maşiku belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, ylymda we inženerçilikde zenanlaryň sany entek ýeterlik däl, emma şeýle mysallar öňden gelýän üýtgewsiz düşünjeleri üýtgetmäge kömek edýär. Ol bu barada agzanda, aerokosmos pudagynda işläp başlan döwürleri öz başarjaňdygyny subut etmeli bolan pursatlaryna köp duş gelendigini-de ýatlaýar.

Tanzaniýada ösüp ýetişen Maşiku çagalygynda özüni matematika ukyply hasaplamandygyny boýun alýar. Ýöne maşgalasynyň goldawy onuň üstünliklere ýetmegine esas bolýar. Gyzjagazy tehniki institutyň mugallymy bolan kakasy erjellik bilen okadýar. Maşiku bu hakda: «Ol biziň özümizde ýok hasap edýän ukyplarymyza-da bar ýaly berk ynanýardy» diýip, aýratyn nygtaýar.

Çagalygyndan kosmonawt bolmagy arzuw eden gyz, soňra aerokosmos inženerçiligi boýunça doktorlyk derejesini alýar we NASA-da kosmos apparatlarynyň howpsuz nawigasiýasy boýunça işe başlaýar.

«Öňüňizde nähili päsgelçilik bolsa-da, ony ýeňip geçmek üçin öz «raketa ýangyjyňyzy» tapyň... Ýeriň dartyş güýji hemmelere täsir edýär, ýöne adamlar barybir uçýarlar ahyry» diýip, kosmonawt zenan düşündirýär.

Ol şeýle hem talyplara okuw materiallaryny we maslahatçylyk goldawyny berýän «ExcelliSpace» taslamasyny esaslandyrdy. Onuň pikiriçe, şeýle başlangyçlar we älem missiýalary ýaşlaryň öz ukyplaryna bolan ynamyny artdyrar.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....