Alymlar Santorinidäki 25 müňden gowrak ýertitremäniň sebäbini anyklady

  • 24.11.2025 13:51
  • 6.9k+

Şu ýylyň başynda Santorini grek adasynda köpüsiniň ululygy 5 baldan geçýän onlarça müň ýertitreme bolup geçdi. Indi birnäçe aýdan soň alymlar bu hadysanyň sebäbini anyklady – ol magmanyň, ýagny erän dag jynsynyň ýerasty hereketi boldy diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Ylmy gözlegçiler, takmynan, 20 metr çuňlukda bolan 25 müňden gowrak kese yranmanyň sebäbini anyklamak üçin fiziki modellerden we emeli aňdan peýdalandy. Alymlar EA-ny her bir sarsgyn baradaky maglumatlary seljermek we olaryň arasyndaky baglanyşygy tapmak üçin ulandy.
Londonyň Kollej uniwersitetinden doktor Stiwen Hiks täze tehnologiýalaryň fiziki bilimler bilen utgaşdyrylmagynyň ýakyn geljekde wulkan atylmalaryny çaklamaga kömek edip biljekdigini belledi.
Santorini, Amorgos we Anafi grek adalaryndaky seýsmiki işjeňlik ýanwar aýynda güýçlenip başlady. Şol sebäpli ýerli ýaşaýjylar golaýdaky Kolumbo suwasty wulkanynyň atylmagyndan gorkdy. Şeýle-de, yzygiderli sarsgynlardan soň has güýçli, 1956-njy ýyldaky ýaly ýertitremäniň bolmagyndan howatyrlandy. Şol ýyl 7.7 bal ululykdaky sarsgyn sebitde uly weýrançylyga getiripdi.
Öz netijelerini Science žurnalynda neşir eden alymlar Santoriniň töweregindäki ýer gabygynyň üç ölçegli kartasyny döretdi. Soňra olar her bir sarsgynyň parametrlerini we olara degişli hereketi, şeýle-de ýer gabygyndaky dartgynlylygy görkezdi. Bu hem birnäçe ýertitremeleriň sebäbiniň jikme-jik modelini döretmäge mümkinçilik berdi. 


düýn 16:45
2.3k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
2.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.6k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
946

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......