Türkmen alymlary alunitiň, tozganyň we rozmariniň binýadynda fitomineral bejeriş gelini işläp taýýarladylar

  • 26.11.2025 11:15
  • 2.3k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy «Alunitiň, tozganyň (Taraxacum officinale) we rozmariniň (Rosmarinus officinalis) fitomineral bejeriş geli» atly işläp taýýarlamak tehnologiýasyna awtorlyk hukugyny bellige aldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Ylmy gözlegiň awtorlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýalar barlaghanasynyň hünärmenleri A.Rahmanowa we D.Gadamowdyr.
Alunit – mikroblara garşy we agzy gamaşdyryjy häsiýetleri güýçli bolan mineraldyr. Ol deriniň gyzaran ýerlerini ýuwaşlyk bilen ýygryp, suw balansyny sazlaýar, mikroblaryň we hapalaryň ýaýramagyny çäklendirýär. Alunit geliň düzüminde alamatlary ýaşyrmak däl-de, deriniň ýerli dikeldiş derejesinde täsir edip, mineral durnuklaşdyryjy wezipesini ýerine ýetirýär.
Tozga fitohimiki birleşmelere baý ösümlik bolup, halk lukmançylygynda gadymdan bäri ulanylýar. Ol gyzarmany azaldýar, gyjyndyrmany ýumşadýar we dokumalaryň tebigy täzelenişini höweslendirýär.
Rozmarin güýçli tebigy höweslendiriji we antioksidantdyr. Onuň ekstrakty we efir bölekleri tonus beriji, mikroblara garşy we umumy berkidiji täsir edýär. Rozmariniň ysy aňyň aýdyňlygy we bedeniň güýç-kuwwaty bilen baglanyşyklydyr.

– Toplumlaýyn bejeriş geli bu diňe bir döwrebap serişde däl-de, eýsem, tebigy lukmançylygyň dogry we ylmy çemeleşme bilen netijelidiginiň nyşanydyr. Alunit esasyny üpjün edýär, tozga ýumşaklygy, rozmarin bolsa energiýa berýär. Bilelikde olar deriniň janly agza bolup, dogry şertlerde özüni dikeltmäge ukyplydygyny ýatladýan sazlaşyklygy döredýärler – diýip, biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa belleýär.


şu gün 10:53
470

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....