Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi

  • 24.11.2025 13:43
  • 4.1k+

21-22-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Bilim ministrligi tarapynda guralan bu bäsleşige Türkmenistanyň dürli künjeginden ýaşlaryň 300-e golaýy öz taýýarlan robotlary bilen gatnaşdy.

Iki gün dowam eden bäsleşikde ýaş inženerler “robot-sumo” (robot göreşi), “robot-ulaglaryň ýaryşy”, “labirint”, “çyzygy yzarlamak” we “çyzygy yzarlap, ýumuşlary ýerine ýetirmek”, “robot-gämileriň ýaryşy” hem-de “ýumuş roboty” ýaly ýedi ugur boýunça bäsleşdiler.
Hususan-da, ýaryşyň “ýumuş roboty” atly ugry aýratyn çekeleşikli boldy. Onda robotlar dürli päsgelçiliklerden geçip, bellenilen jisimi başlangyç nokada alyp gelmek boýunça ýaryşdyryldy.
Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda,

  • “Robot-sumo” boýunça birinji orna paýtagtymyzdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň Robot tehnikasy gurnagynyň diňleýjisi Akgaýew Alihan;
  • “Robot-ulaglaryň ýaryşy” boýunça birinji orna Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Kanalow Resul;
  • Labirint” boýunça birinji orna Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň okuwçysy Bäşimow Dawut;
  • Çyzygy yzarlamak” boýunça birinji orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Annamyradow Mälik;
  • “Çyzygy yzarlap, ýumuşlary ýerine ýetirmek” boýunça birinji orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Mämmettuwakow Adylşa;
  • “Robot-gämileriň ýaryşy” boýunça birinji orna Aşgabat şäheriniň 96-nji orta mekdebiniň okuwçysy Kakaýew Myrat;
  • “Ýumuş roboty” boýunça birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjileri Öwezow Pirguly, Kulow Nurahmet, Hojageldiýew Röwşen dagysyndan ybarat topar mynasyp bolmagy başardy.

Uniwersitetiň mejlisler zalynda ýaşyryň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan höweslendiriji sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şunda “ýumuş roboty” boýunça birinji orna mynasyp bolan ýaşlara “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti tarapyndan 4 reňkde we “3D” ölçeginde çap edýän printeriň sowgat berlendigini aýratyn bellemek ýakymly.


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....