Alymlar galyndylary peýdaly dökünlere öwürmegiň usulyny oýlap tapdylar

  • 27.05.2025 13:03
  • 3.4k+

Perm milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) alymlary lagym suwlaryndan ammoniý azodyny çykaryp, ony struwite – özünde magniý, ammoniý we fosfat saklaýan peýdaly mineral döküne öwürmegiň usulyny işläp düzdüler.

Suw howdanlarynyň ammoniý azody bilen hapalanmagy giňden ýaýran mesele bolup durýar. Russiýanyň özünde her ýyl derýalaryň we kölleriň hapalanmagy bilen bagly 2500-den gowrak ýagdaý hasaba alynýar. Bu wakalaryň köpüsi lagym suwlarynyň dökülmegi bilen baglanyşyklydyr. Ammoniý azody suwuň güllemegine, ýagny suwotylaryň köpelmegine we balyklaryň heläk bolmagyna getirýär.
Alymar ýokary hilli struwiti almak üçin, gurşawyň kislotalylygyna we erginleriň garyşma tizligine gözegçilik etmegiň zerurdygyny anykladylar. Iň oňaýly şertler 8-9 pH aralygyndaky kislotalylyk we minutda 300 gezek aýlaw diýlip kesgitlenildi. Şol şertlerde diametri, takmynan, 10 mikrometr bolan iri we birmeňzeş kristallar emele gelýär, olar soň süzüp almak üçin amatly bolýar.
Synaglar ýokary temperaturada we dogry saýlanan kislotalylykda kristallaryň çalt ösýändigini görkezdi. Düzüminde kremniý bolan maddalaryň goşulmagy bolsa kristallaryň görnüşini we birmeňzeşligini gowulandyrýar.
Alymlaryň bahalandyrmagyna görä, täze usul bilen lagym suwlaryny arassalamagyň netijeliligi 98%-e ýetýär. Alnan struwiti dökün hökmünde ýa-da haýwanlar üçin iýmit hökmünde ulanyp bolýar.
Gündelik durmuşda struwit daşlary (käwagt olara ýokanç daşlar hem diýilýär) köplenç moçewinany dargadýan bakteriýalaryň täsiri bilen emele gelýär. Olar örän uly ölçeglere çenli ösüp, hatda hirurgiki bejergä hem sebäp bolup bilýär. Emma senagat taýdan garalanda, bu maddanyň peýdasy örän uludyr.
Uniwersitetiň hünärmenleri öz işleriniň netijelerini «Himiýa. Ekologiýa. Urbanistika – 2025» atly konferensiýada paýlaşdylar.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....