Ýaş alymlar rak keseline garşy "Troýan şekeri" bolan dermany döretdiler

  • 24.10.2025 12:26
  • 4.4k+

Russiýanyň MIREA tehnologik uniwersitetiniň hünärmenleri rak keseline garşy täze fotodinamik bejergi usulynda şekeri peýdalandylar. Täze taýýarlanan derman serişdesindäki glýukoza molekulalary rak öýjüklerini aldap, olary derman serişdelerini has işjeň siňdirmäge mejbur edýär diýip, uniwersitetiň metbugat gullugy TASS-a habar berdi.

Fotodinamik bejergi, ýagny rak öýjügine ýagtylyga duýgur derman girizilýär we ol belli tolkun uzynlygyndaky ýagtylygyň täsiri bilen işjeňleşip, rak öýjügini ýok edýär. Alymlar bu usuly diňe rak öýjüklerine täsir edýän görnüşde kämilleşdirmek isleýärler, sebäbi sag öýjüklere zyýan ýetirmezlik möhümdir.
Täze derman serişdede alymlar 2-dezoksi-D-glýukoza atly şeker görnüşini ulanýarlar. Ol “Troýan aty” ýaly hereket edýär: rak öýjügi bu şekeri siňdirýän mahaly, onuň bilen bile derman serişdelerini hem kabul edýär.
Alymlar bu serişdäni birnäçe rak öýjügi görnüşlerinde — şol sanda ýatgy boýny we döş rak keselinde — synagdan geçirdiler. Netijede, derman serişdesi diňe rak öýjüklerini ýok edip, sag öýjüklere täsir etmedi.

“Şeker molekulasy diňe bir derman serişdesini rak öýjügine ugrukdyrman, eýsem onuň energiýa çalşygyny hem bozýar. Şeýlelikde, biz rak keseliniň üstüne iki taraplaýyn zarba urýarys: biri onuň ‘iýmitini’ kesýär, beýlekisi bolsa fotoduygur serişdeleri işjeňleşdirýär” diýip, ylmy işiň ýolbaşçysy, MIREA-nyň dosenti Ksenia Ždanowa düşündirdi.
“Bu açyş rak keselini has takyk we beden üçin ýeňil usul bilen bejermäge ýol açýar" diýip, işiň awtory, 4-nji ýyl talyby Sofiýa Sukorewa belläp geçdi.


şu gün 10:01
2.5k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2.5k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......