Mekgede al-Haram metjidiniň golaýynda binalar toplumy gurlar

  • 22.10.2025 06:13
  • 15k+

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy we premýer-ministri Muhammed bin Salman bin Abdulaziz Al Saud Mekgede “Patyşa Salmanyň derwezesi” (King Salman Gate) atly täze şäher gurluşyk taslamasynyň başlandygyny habar berdi.

Uly toplum, takmynan, 12 million inedördül metr meýdany eýelär we al-Haram metjidiniň golaýynda ýerleşer. Taslama şäher infrastrukturasyny ösdürmäge, mukaddes ýere barmagy has ýeňilleşdirmäge we zyýaratçylar hem Mekgäniň ýaşaýjylary üçin hyzmat derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
“Patyşa Salmanyň derwezesi” ýaşaýyş, myhmanhana, söwda we medeni zolaklary öz içine alyp, ýaşaýjylar, syýahatçylar we zyýaratçylar üçin häzirkizaman amatlyklary hödürlär. Bu ýerde bir wagtyň özünde 900 müň töweregi adam hem ýapyk binalarda, hem açyk asmanda doga-dileg edip biler.
Taslama gelýän zyýaratçylaryň sanynyň artmagyny goldamaga gönükdiriler hem-de Patyşalygyň ykdysady ösüşiniň möhüm hereketlendirijisi bolar: 2036-njy ýyla çenli 300 müňden gowrak iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, bu mega-taslama ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga we durnukly ösüşe gönükdirilen Vision 2030 strategiýasynyň maksatlaryny goldaýar.
“Patyşa Salmanyň derwezesiniň” açylmagy Saud Arabystanynyň Mekgäni däp-dessurlaryň we ruhy hem medeni aýratynlygy saklaýan ösüşiň sazlaşygynyň häzirkizaman nyşanyna öwürmekde nobatdaky ädimi bolar. 


05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......