Alymlaryň aýtmagyna görä, adam aňy 55–60 ýaş aralygynda öz iň ýokary derejesine ýetýär

  • 24.10.2025 12:21
  • 4.1k+

Awstraliýaly psiholog Žil E. Žinýak we polşaly alym Marçin Zaýenkowski adam aňynyň ösüş tapgyrlary boýunça barlag geçirdiler. Netijeler Intelligence žurnalynda çap edilip, olaryň esasy pikirleri Metro neşiri tarapyndan giňden beýan edildi.

Barlagda adam durmuşynda üstünlik gazanmak bilen baglanyşykly 9 aýratynlyk öwrenildi:

  • aň-bilim ukyby,
  • häsiýet aýratynlyklary,
  • emosional aň,
  • maliýe taýdan düşünjeli bolmak,
  • ahlak düşünjeleri,
  • ýalňyş karary kabul etmekde sabyrlylyk (sunk cost bias),
  • aňyň çeýeligi,
  • duýgudaşlyk,
  • we täze zatlary öwrenmäge höwes.

Netijede alymlar iki modeli synap gördüler. Iki model hem adamyň umumy işjeňliginiň we kämilliginiň 55–60 ýaşlarda iň ýokary derejede bolýandygyny görkezdi.
Şol bir wagtyň özünde 20 ýaş adamyň tiz aňy — ýagny öňki tejribä daýanmazdan logiki pikirlenmek we täze meseleleri çözmek ukyby iň ýokary derejesine ýetýär.
Emma wagtyň geçmegi bilen başga aýratynlyklar ösmegini dowam etdirýär: toplanan bilim (kristallaşan aň), duýgy taýdan durnuklylyk we ahlak taýdan dogry pikirlenmek.
Alymlaryň aýtmagyna görä, emosional durnuklylygyň we paýhasly karara gelmegiň iň ýokary derejesi 70–80 ýaşlarda ýüze çykýar.
Barlagyň awtory Žil Žinýagyň sözlerine görä:

"Toplanan bilim, sagdyn pikirleniş we durmuş tejribesi adamda kämillik döwründe iň güýçli mümkinçilikleri emele getirýär. Ýaşlygyň öz artykmaçlyklary bar, emma kämillik çylşyrymly meseleleri çözmekde has doly gurallar toplumyny berýär."


düýn 10:01
2.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......