Gara tomzaklar maslyk bilen iýmitlenmekligi 37 million ýyl ozal özleşdiripdir

  • 25.10.2025 15:42
  • 6.6k+

Takmynan, 37 million ýyl ozal Argentinanyň Patagon peslikleri giň otluklar bilen örtülen bolup, bu ýer gylyç dişli torbalylaryň, äpet guşlaryň hem-de tapirlere we atlara meňzeş uly ot iýiji haýwanlaryň ýaşaýan mekany bolupdyr. Şu döwürde gara tomzaklaryň käbir görnüşlerinde üýtgeşik iýmit endigi ýüze çykypdyr — olar çüýrän maslyklar bilen iýmitlenip başlapdyrlar.

Bu herekete degişli yzlar tomzaklaryň öz neslini iýmitlendirmek we goramak üçin guran ýerasty köwekleriniň daşlaşan galyndylarynda saklanyp galypdyr. 5000-den gowrak şeýle köwegiň täze ylmy seljermesi gara nekrofag tomzaklaryň maslyk bilen iýmitlenmeginiň ozal çak edilenden onlarça million ýyl öň dörändigini ýüze çykardy. Bu netijeler Palaeontology žurnalynda neşir edildi.
Argentinanyň Tebigat ylymlary muzeýinden alym Liliana Kantiliniň geçiren barlaglarynda tomzaklaryň daşa öwrülen «gumalaklarynyň» himiki düzümine seredildi. Seljerme şunuň ýaly nekrofag görnüşleriň liçinkalarynyň gumalaklaryň içindäki ýörite bölümçelerde oturyp, maslyk bilen iýmitlendigini görkezýär. Argentinadan, Çiliden, Urugwaýdan we Ekwadordan tapylan jemi 5340 sany galyndynyň analizi maslyk bilen iýmitlenmegiň takmynan 37,7 million ýyl ozal başlandygyny tassyklady.
Bu aýdylanlar häzirki zaman skarabeýiniň 74 görnüşinde geçirilen genetiki barlaglar bilen hem gabat gelýär — ol barlaglar nekrofag tomzaklaryň toparynyň 35–40 million ýyl ozal ýüze çykandygyny görkezýär.
Alymlar tomzaklaryň maslyk bilen iýmitlenmäge geçmegini şol döwürde giň ýaýran baý megafauna bilen baglanyşdyrýarlar. Ilki bilen tomzaklar ot iýýän haýwanlaryň dersi bilen iýmitlenipdirler, ýöne çeşme üçin bäsdeşligi peseltmek maksady bilen olaryň käbir görnüşleri soňra maslyk bilen iýmitlenmäge uýgunlaşypdyr.


şu gün 10:01
1.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2.3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......