Gök önümleriň saklanyş möhletini uzaltmak üçin biodargamaga ukyply nanoplastyr döredildi

  • 23.05.2025 19:18
  • 6.2k+

Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary gök önümleriň saklanyş möhletini uzaltmaga ukyply, ýüpekden ýasalan, biodargamaga ukyply nanoplastyr döretdiler. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berýär.

Plastyryň düzüminde mikroskopiki iňňeler arkaly ösümlige siňdirilýän melatonin gormony bar. Bu madda ösümlikdäki antioksidantlaryň derejesini ýokarlandyryp, hlorofilliň we beýleki biomolekulalaryň dargamagyny haýalladýar, bu bolsa ösümligiň has uzak wagtlap täzeligini saklamaga mümkinçilik berýär.

«Saklanyş möhleti geçýändigi sebäpli zyňylýan azyk mukdary 1,6 milliard adamy iýmitlendirmäge ýetýär. Işläp düzen tehnologiýamyz arkaly ABŞ-da we dünýäniň beýleki ýurtlarynda ilatyň sagdyn we täze iýmitlere bolan elýeterliliginiň ep-esli artjakdygyny umyt edýäris» — diýip, MIT-niň dosenti Benedetto Marelli aýtdy.

Alymlar melatoniniň ösümliklere edýän täsirini synlap, ony ulanmaga karar berdiler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, bu gormon ösümlikleriň öýjüklerinde antioksidantlaryň konsentrasiýasyny ýokarlandyrýar we hlorofilliň hem-de floranyň ýaşaýşy üçin möhüm beýleki biomolekulalaryň dargamagyny haýalladýar. Ösümlikleriň baldagyna ýa-da miwesine siňdirilen az mukdardaky melatonin dürli mikroblaryň we kömelekleriň täsirine garşy durnuklylygy artdyryp, onuň solmagyny we dargamagyny haýalladyp biler.
Bu tehnologiýa ABŞ-da, Hytaýda we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda giňden ulanylýan hytaý keleminde (bok-çoý) synag edildi. Plastyr kelemiň kökünde ulanylanda, ol otag temperaturasynda dört gün, senagat sowadyjylarynda bolsa ýene on günden gowrak täzeligini saklady.
Awtorlaryň aýtmagyna görä, geljekde bu plastyrlar dronlar, robotlar ýa-da awtomatlaşdyrylan hasyl ulgamlary arkaly ulanylyp bilner. Bu bolsa, esasan-da, ýaşaýjylaryň sowadyjy enjamlara elýeterliliginiň bolmadyk sebitleri üçin örän möhümdir.


11.05.2026 23:19
3.6k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

10.05.2026 14:09
1.4k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......

10.05.2026 11:51
7.2k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......