Arheologlar Gazagystanda mongollaryň çozuşy wagtynda ýakylan şäheriň galyndylaryny tapdylar

  • 09.06.2025 13:51
  • 7.4k+

Gazagystanyň günortasyndaky Žetysu oblastynda orta asyr şäheriniň harabalyklary tapyldy. Bu barada "Petroglif awçylary" respublikan jemgyýetçilik gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Olga Gumirowa habar berdi.

"Her kimiň köpden bäri gözleýän orta asyr şäherini tapaýdyk öýdýän! Bu barada goşmaça çeşmelerde maglumat bar. Arheologlar muny eýýäm bilýärler. Ilkibaşda  karýerde gudrat bilen saklanyp galan kerpiçden örülen galyndylary, soňra bolsa ýerde ýatan diwarlary gördük, ýöne olardan erän orta asyr kerpiçleri çykyşyp durdy. Şäher mongol çozuşlary wagtynda rehimsizlik bilen ýakylypdyr” diýip, ol  Facebook-da ýazdy.

Gumirowanyň sözlerine görä, tapyndy Talhiz ýa-da Koýlyk bilen deňeşdirilip bilner. Talhiz - VIII asyrda esaslandyrylan häzirki zaman Almaty oblastynyň çägindäki şäherçe, möhüm senagat merkezi hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen. Koýlyk (Antonowskoý şäherçesi) hem Almaty oblastynda ýerleşýän we ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen VIII-XIV asyrlara degişli şäherdir.
Tapyndy barada entek goşmaça maglumat ýok. Gumirowa häzir "munuň neneň-niçik desgadygy barada çekişmäniň gidýändigini" aýtdy. Onuň neşir eden suratlarynda kerpiç örümleriniň galyndylary we diňe meňzeş obýekt görünýär.


şu gün 17:37
1k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1.1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.8k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......