Alymlar derini, süňkleri we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin täze materiallary döretdiler

  • 31.05.2025 16:39
  • 2.5k+

N.I.Lobaçewskiý adyndaky Milli barlag Nižegorod döwlet uniwersitetiniň himikleri (UNN) derini, süňkleri, gan damarlaryny we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin material döretdiler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi.

Täze material tebigy polimer hitozana we polikaprolakton termoplastigine esaslanýar. Ol bio oňşukly, täzeden dikelmäge kömek edýär we bedende doly dargap gidýär.
Hitozan onuň düzümine berklik berýär we zäherlenmezligini üpjün edýär, polikaprolakton bolsa maýyşgaklyk we ereýjilik berýär. Olary birleşdirmek üçin alymlar organiki erediji bolan dimetilsulfoksidi ulandylar. Ultrases bilen işlenenden soň 3D çap etmäge ýaramly birmeňzeş massany almak mümkin boldy.
Alymlaryň sözlerine görä, komponentleriň gatnaşygyny üýtgetmek dürli dokumalary - bioplastyrlardan başlap, öýken dokumasynyň emeli analoglaryna çenli döretmäge mümkinçilik berer. Işläp taýýarlama çylşyrymly döwüklerde ulanylýan titan plastinalaryň hem ornuny tutup biler.


şu gün 10:51
563

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......