Öli deňziň golýazmalary alymlaryň pikir edişinden has gadymy bolup çykdy

  • 07.06.2025 18:54
  • 4.3k+

Niderlandlardan, Daniýadan, Italiýadan we Belgiýadan alymlar topary emeli aňyň kömegi bilen Öli deňziň gadymy golýazmalarynyň ýaşyny has takyk kesgitlemegi başardy. Netijede, olar öň çak edilenden ep-esli gadymy bolup çykdy. Bu barada «Plos One» ylmy žurnalynda çap edilen makala salgylanyp, «The Guardian» neşiri habar berýär.

Golýazmalar XX asyryň ortalarynda Iudeý çölündäki (Ysraýyl) Kumran gowaklarynda tapylypdy. Öňki radiouglerod seljermesi olary b.e. öňki III asyr bilen b.e. II asyrynyň aralygynda ýerleşdirýärdi. Ýöne Groningen uniwersitetiniň professory Mladen Popowiçiň bellemegine görä, ilkinji barlaglarda 1950-nji ýyllarda ýazgylaryň has aýdyň görünmegi üçin ulanylan kastor ýagynyň el ýazgylaryny hapalap biljekdigi göz öňünde tutulmandy.
Golýazmalaryň ýaşyny kesgitlemek üçin, alymlar «Enoh» atly emeli aň ulgamyny taýýarladylar. Bu ulgam gadymy golýazmalardaky el ýazuwy boýunça analiz geçirmäge ukyplydyr. Algoritm ýazylan senesi belli bolan 24 golýazmadan alnan 62 syýa şekiline esaslanyp türgenleşdirildi.
Barlaglaryň ikinji tapgyrynda 30 nusga ýagdan arassalanyp, gaýtadan radiouglerod senelemesi geçirildi. Netijede, 27-siniň has irki döwre degişlidigi ýüze çykaryldy.

«Bu edil wagt maşyny ýaly. Indi 2000 ýyl mundan ozal ýaşap geçen adamlar bilen el gysyşyp, olaryň döwrüni has gowy göz öňüne getirip bilýäris. Biziň döreden zadymyz empirik maglumatlara, ýagny fizika we geometriýa esaslanýan örän ygtybarly gural» — diýip, Popowiç aýtdy.

Model şeýle-de senesi belli bolmadyk 135 golýazmanyň 79%-niň ýaşyny kesgitlemegi başardy. Bu ýagdaý, ýagny neýrotorlaryň ulanylmagy tapyndylara zeper ýetirýän radiouglerod senelemesine bolan mätäçligiň azalmagyna kömek edip biljekdigini görkezýär.
Mundan başga-da, hasmonei we irodian döwürlerine degişli iki dürli ýazuw stiliniň öň çak edilenden has uzak wagtlap bilelikde ulanylandygy ýüze çykaryldy. Bu açyş Ýakyn Gündogaryň giçki antik döwürdäki syýasy ýagdaýlaryna we medeni keşbine degişli häzirki düşünjäni düýpgöter üýtgedýär.


22.06.2026 23:12
3.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....