Xiaomi emeli aň sebäpli smartfonlaryň bahasynyň ýokarlanjakdygyny duýdurdy

  • 21.11.2025 12:00
  • 3k+

Xiaomi 2026-njy ýylda ulanyjylaryň smartfon bahalarynyň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurdy. Bu ýat çipleriniň ep-esli gymmatlamagy bilen baglanyşyklydyr diýip, kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbine salgylanyp, Reuters habar berýär.

“Men geljek ýyl basyşyň şu ýylkydan has güýçli bolmagyna garaşýaryn. Umuman alanyňda, sarp edijiler önümleriň bahalarynyň ep-esli ýokarlanmagyny görse gerek. Belki, bahalary ýokarlandyrmagyň hasabyna çykdajylary bölekleýin azaldyp bolar, ýöne bu hem maliýe basyşyndan baş alyp çykmak üçin ýeterlik bolmaz” – diýip, Weýbin žurnalistler bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Dünýäde ýat çipleri emeli aň enjamlarynda ulanylýan modullara islegiň uludygy sebäpli gymmatlaýar. Bütin dünýäde IT kompaniýalar hasaplaýyş güýçlerini işjeň ösdürip, EA üçin täze maglumat merkezlerini işe girizýär. Netijede, Samsung ýaly öndürijiler sarp ediji enjamlary, şol sanda smartfonlar üçin çip önümçiligini azaldyp, ýokary tizlikli HBM ýatlaryny çykarmaga ünsi jemleýär.
Ozal Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Redmi K90 modelleriniň bahasynyň ýokarlanmagyny ýat çipleriniň gymmatlamagy bilen düşündirdi.
Kompaniýa üçünji çärýek üçin maliýe hasabatynda bazara 43,3 mln smartfon iberendigini habar berdi – bu bir ýyl ozalkydan 0,5% köpdür.  Kompaniýa 13,6% bazar paýy bilen iň uly smartfon öndürijileriniň arasynda üçünji orny saklady. Çärýek üçin girdeji 22,3% ýokarlanyp, 113,1 mlrd ýuan (takmynan, 16 mlrd dollar) boldy. Bu bolsa analitikleriň 116,5 mlrd ýuan çaklamasyndan pesdir. Şol sebäpli Xiaomi-niň paýnamalary Gonkong biržasynda 2,81% arzanlady. Şeýle-de bolsa, ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 18,2% ýokarlandy.


25.06.2026 10:21
4.6k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......