Ilon Mask emeli aň hasaplamalaryny kosmosa geçirmegi teklip etdi

  • 21.11.2025 11:47
  • 2.9k+

Amerikaly milliarder Ilon Maskyň pikiriçe, geljek bäş ýylda emeli aň bilen baglanyşykly hasaplaýyş güýçlerini ösdürmegiň iň amatly ýoly olary kosmosa göçürmek bolar. Bu barada ol Waşingtonda ABŞ bilen Saud Arabystanynyň ykdysady hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forumda aýtdy.

“Meniň pikirimçe, kosmosda EA-nyň ykdysady taýdan netijeliligi ýerdäki EA-dan has ýokary bolar. Men geljek dört ýa-da bäş ýylda EA hasaplamalaryny Gün energiýasynda işleýän EA hemralarynyň kömegi bilen amala aşyrmak has arzan bolar diýip pikir edýärin. Men bäş ýyldan giç diýmezdim” – diýip, milliarder belledi.

Onuň aýtmagyna görä, şeýle ulgamlar Ýerde elektrik energiýasyny köp talap edýär we olary sowatmak meselesi-de barha kynlaşýar. Kosmosda bolsa olaryň sanyny artdyrmak we sowatmak aňsat bolar.
Mask kosmos tehnologiýalary bilen meşgullanýan SpaceX we elektromobil öndürýän Tesla kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edýär we dünýäniň iň baý adamy hasaplanýar. Bloomberg-iň hasaby boýunça, onuň baýlygy 429 mlrd dollardan geçýär. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......