Russiýada atmosferadaky kömürturşy gazyny susup alyp, spirte öwürmegi öwrendiler

  • 07.06.2025 11:21
  • 2.3k+

Rus, eýran we fransuz himikleri birnäçe metalyň grafenine we oksidlerine esaslanýan katalizator döretdiler. Ol kömürturşy gazyny metilbutanola we beýleki senagat taýdan gymmatly spirtlere we ketonlara 77% netijelilik bilen öwürmäge mümkinçilik berýär. Bu barada Russiýanyň Ylym Gaznasynyň (RNF) metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.

"Reaksiýa atmosfera basyşynda we otag temperaturasynda bolup geçdi, bu öwrülişigi energiýa taýdan bähbitli we giňeltmek üçin aňsat edýär. Şeýle ýumşak şertler işlenip taýýarlanan usuly kömürturşy gazyny dikeltmegiň, adatça, ep-esli energiýa çykdajylaryny talap edýän alternatiw çemeleşmelerinden tapawutlandyrýar – diýip, “Ýokary ykdysadyýet mekdebi” milli gözleg uniwersitetiniň dosenti Ahmad Ostowari Mogaddam düşündirdi.

“Ýokary ykdysadyýet mekdebi” milli gözleg uniwersitetiniň alymlary CO₂-ni çig mala öwürmek üçin katalizatorlaryň üstünde köpden bäri işleýärler. Ozal olar hytaýly kärdeşleri bilen bilelikde uglerodyň we indiýniň esasynda kömürturşy gazyny garynja kislotasyna öwürýän katalizatory döredipdiler.
Täze katalizator dikeldilen grafen oksidini demirden, kobaltdan, nikelden we misden durýan oksidlenen erginiň nanobölejikleri bilen birleşdirýär. Ol azyndan on sagat durnukly we işjeň bolup, ony senagat taýdan ulanmak üçin amatly edýär.
Reaksiýanyň esasy önümleri metilbutanol we metilbutanon, ýagny dermanlary, ys berijileri we eredijileri öndürmekde ulanylýan maddalar bolup durýar. Barlagçylaryň sözlerine görä, bu tehnologiýany mundan beýläk-de ösdürmek üçin geljegi uly edýär.


şu gün 17:37
269

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......