Alymlar ilkinji gezek 40 müň ýyllyk mamontyň RNK-syny açyklap başardylar

  • 20.11.2025 11:50
  • 4.4k+

Halkara alymlar topary Ýakut mamontlarynyň galyndylaryndan ilkinji gezek matrisa RNK (mRNK) molekulalaryny alyp, açyklamagy başardylar. Bu molekulalar, öýjükleriň beloklary döretmek üçin ulanýan genleriň işleýän göçürmeleridir. RNK-nyň gurluşynyň derňewi, mamontlaryň ömrüniň soňky pursatlarynda haýsy genleriň işjeň bolandygyny görkezdi diýip, TASS agentligi Stokgolm uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp ýazýar.

RNK-nyň saklanyşy
Professor Law Daleniň sözlerine görä, bu açyş RNK-nyň hemişelik doňaklykda ozal çaklanylandan has uzak saklanyp bilýändigini görkezýär. Bu bolsa mamontlaryň gen işjeňligini we gadymy wiruslaryň genomlaryny öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Paleogenetikler we paleontologlar mamontlary onlarça ýyl bäri öwrenýärler. 2021-nji ýylda olar million ýyldan gowrak ýaşly DNK böleklerini okap we mamontlaryň ýitip gitmeginiň genetiki eremesi bilen baglanyşykly däldigini görkezdiler.
Indi barlagçylar 39–52 müň ýyllyk ýaşly on sany mamontyň, şol sanda 2010-njy ýylda tapylan mamont çagasy Ýukanyň RNK-syny öwrendiler.
Derňew, Ýukanyň ölmänkä metabolizm we myşsalary bilen baglanyşykly genlere täsir edýän güýçli stres başdan geçirendigini görkezdi.

"Matrisa RNK-dan başga-da, biz mikroRNK molekulalaryny hem alyp, öwrenip bildik. Olardaky üýtgeşmeleriň aýratyn toplumy Ýukanyň galyndylarynyň mamontlara degişlidigini anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Hatda biz gadymy RNK-nyň derňewine daýanyp, ozal näbelli bolan birnäçe geni-de açmagy başardyk, bu öň hiç kime başartmandy" diýip, Norwegiýanyň Arktika uniwersitetiniň dosenti Bastian Fromm jemleýär.


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....