Tagtabitler şäherleriň peýda bolmagy bilen 8000 ýyl ozal ýaýrapdyr

  • 02.06.2025 13:51
  • 11k+

Düşek tagtabitleri 100 million ýyl mundan ozal, adamlar peýda bolmanka ýüze çykypdyr. Olar dinozawrlary ýok eden betbagtçylykdan aman galypdyrlar we uzak wagtlap näbelli haýwanlaryň gany bilen iýmitlenipdirler. Soňra ýarganatlaryň we irki adamlaryň bedeninde parazitlik edip başlapdyrlar.

Halkara entomologlar we biologlar topary bu görnüşiň ölman galmagynda hojaýyny saýlamagyň möhüm rol oýnandygyny anykladylar.
Biology Letters žurnalynda çap edilen barlagda soňky buz eýýamynda tagtabitleriň ýok bolup gitmek howpy astynda bolandygy aýdylýar, ýöne olaryň adamlary saýlan bölegi ilkinji şäherlerde adamlar üýşüp ýaşap başlandan soň, gysga wagtyň içinde sanyny ep-esli artdyrdy. Barlagçylaryň pikirine görä, düşek tagtabitleri şäher gurşawynda ilkinji peýda bolan zyýanly mör-möjekler bolup biler.
Çehiýada alymlar 19 tagtabitiň DNK-syny öwrendiler: olaryň dokuzysy adam ýaşaýan jaýlardan we on sanysy ýarganatlaryň ýaşaýan ýerlerinden. Genetiki derňew takmynan 45 müň ýyl ozal iki toparyň hem sanynyň bir döwür azalandygyny görkezdi. Emma adamlaryň arasynda ýaşaýan tagtabitlerden tapawutlylykda, olaryň ýarganatlaryň arasynda ýaşaýan bölegi azalmagyny dowam etdirýär. Takmynan 12 000 ýyl ozal adamçy tagtabitleriň sany deňleşip, 8000 ýyl töweregi ozal ep-esli artypdyr.
Bu döwür adamlaryň oturymly durmuş şertlerine we oba hojalygyna geçmegi bilen gabat gelýär. Tagtabitler adamlaryň üýşüp ýaşaýan ilkinji oturymly ýerlerinde iň gowy şertlere eýe bolupdyrlar.


17.06.2026 11:37
4.5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.3k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
1.8k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.5k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......