Alymlar fiziki işjeňligiň duýgulara garaşylmadyk täsiriniň bardygyny anykladylar

  • 18.05.2026 13:49
  • 2.8k+

Halkara alymlar topary fiziki işjeňligiň adamyň howsalasyny kemeltmäge ýa-da rahatlyk duýmaga kömek etmegindenem beter, energiýasynyň derejesini ýokarlandyrmaga has köp täsir edýändigini anyklady.

Bu barlaga 14 ýurtdan 8000-den gowrak adam gatnaşdy. Gatnaşyjylar hereket datçiklerini dakyndylar we özleriniň emosional ýagdaýlary barada mobil telefonlar arkaly yzygiderli habar berip durdular. 

Alymlar 321 000-den gowrak keýpiň bahalandyrylmagyny we bir million sagatlyga golaý fiziki işjeňligiň maglumatlaryny seljerdiler.

Bu taslamany Bohumdaky Rur uniwersitetiniň professory Markus Raýhert germaniýaly we awstriýaly kärdeşleri bilen bilelikde utgaşdyrdy. Barlagçylar fiziki işjeňligiň täsirini laboratoriýada däl-de, gündelik durmuş şertlerinde öwrendiler.

Netijeler adamlaryň maşkdan soň özlerini has gowy duýýandygyny görkezdi, ýöne tersine baglanyşyk hem bardy: gowy keýp fiziki işjeňligiň ähtimallygyny ýokarlandyrdy.

Has göze ilýän täsir energiýanyň artmagy boldy. Gatnaşyjylaryň 95%-den gowragy hereketden soň energiýanyň derejesiniň ýokarlanandygyny habar berdiler. 

Hatda yzygiderli ýöremek hem, oturymly durmuş ýörelgesi bilen deňeşdirilende, has äşgär görünýän täsiri döretdi.

Şeýle-de bolsa, bu barlag gysga möhletli fiziki maşklaryň howsalany çalt köşeşdirýändigi we dynç berýändigi baradaky umumy ynanjy goldamady. Alymlaryň sözlerine görä, negatiw duýgulara has gowy täsir etmek üçin yzygiderli ýa-da uzak möhletli maşk etmek zerur bolup biler.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:40
3k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......