Alymlar Bethoweniň kelleçanagynyň suraty esasynda onuň ýüzüni gaýtadan dikeltdiler

  • 30.05.2025 16:58
  • 7.4k+

3D modelirleme boýunça britaniýaly hünärmen Sisero Moraes ilkinji gezek Lýudwig wan Bethoweniň (1770-1827) kelleçanagynyň esasynda onuň daşky keşbini gaýtadan dikeltdi. Onuň aýtmagyna görä, portret “bellibir derejede agras” boldy, kompozitory döwürdeşleri-de hut şeýle suratlandyrypdy diýip, OrtogOnLineMag žurnalyna salgylanyp, Daily Mail ýazýar.

Beýik nemes kompozitorynyň keşbini dikeltmek üçin 1863-nji ýylda Bonndaky muzeýiň sargydy bilen düşürilen kelleçanagyň suraty hem-de 1888-nji ýylda toplanan ölçegler ulanyldy. Kelleçanak tomografiýanyň we ýewropalylarda ýumşak dokumanyň galyňlygy baradaky maglumatlaryň kömegi bilen sanly görnüşe geçirildi.
Esasy 3D model döredilenden soň, Moraes suratkeş Ýozef Karl Ştiler tarapyndan 1820-nji ýylda çekilen Bethoweniň portretinden ugur alyp, ýüz sypatyny, saçyny, egin-eşigini we keşbini goşdy. Käbir elementler neýroulgamyň kömegi bilen işlenildi.
Bethoweniň häsiýeti we daşky keşbi barada onuň döwürdeşleriniň ýatlamalaryndan belli. Ony agras, köpçülige goşulmaýan we sölpi adam hökmünde suratlandyrypdylar. Britaniýaly dirižýor Mark Wiglsuortyň pikiriçe, onuň häsiýetiniň ýaramazlaşmagy eşidiş ukybynyň peselmegi bilen baglanyşyklydy, ýöne ol Bethoweniň mylakatly we akylly bolmalydygyny belläp geçdi.
Moraes kompozitoryň içki gopgunynyň onuň haýran galdyryjy iş ukyby bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýär. Ol Bethoweniň aýdym-sazda goldaw tapyp, döredijilik arkaly kynçylykdan baş çykarandygyny aýdýar.
Öň, şu ýyl Sisero Moraes şol döwrüň başga bir beýik kompozitory Wolfgang Amadeý Mosartyň keşbini gaýtadan dikeldipdi.


düýn 22:30
748

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....