Hytaýly alymlar litiý batareýalarynyň ömrüni takmynan 4 esse uzaldýan täze usul tapdylar

  • 09.06.2025 22:01
  • 5.6k+

Fudan uniwersitetiniň (Hytaý) alymlary litiý batareýalaryny dikeltmegiň usulyny işläp düzüp, hyzmat ediş möhletini 12 müň sikle (aýlawa) çenli ýokarlandyrdylar. Tehnologiýanyň esasynda batareýanyň içindäki işjeň litini dikeldýän arzan organiki duz bolan LiSO₂CF₃-iň sanjymy ýatýar.

Bu usul batareýa öýjükleriniň iki görnüşinde – LFP-de (litiý-demir-fosfat) we NMC-de (nikel-marganes-kobalt) synag edildi, bu ony uniwersal edýär. Synaglaryň dowamynda dikeldilen batareýalar 12 000 zarýad alyş we zarýady çöküş  aýlawlaryndan soň hem kuwwatynyň 96% -ini saklady.
Barlagçylaryň berýän maglumatlaryna görä, bu açyş elektroniki galyndylaryň mukdaryny ep-esli azaldyp biler. 2040-njy ýyla çenli dünýäde möhleti geçen batareýalaryň mukdarynyň 20 million tonna ýetmegine garaşylýar. Hytaýda her ýyl şeýle galyndylaryň 2,8 million tonnadan gowragy gaýtadan işlenýär.
Laýyk gelýän duzy saýlamak emeli aňyň kömegi bilen geçirildi. Häzirki wagtda barlagçylar Zhejiang Yongtai senagat kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýärler we elektrik ulaglary üçin batareýalary dikeldiji stansiýalary döretmegi meýilleşdirýärler.
Häzirlikçe bu usul diňe aýry öýjükler babatda ulanyldy, ýöne bu batareýalary zyýansyz dikeltmekde ilkinji ädim hasaplanýar. Bu elektrikli awtoulaglaryň ulanylyşyna bolan çemeleşmäni üýtgedip we gymmat batareýalaryň hyzmat ediş möhletini ep-esli uzaldyp biler.


şu gün 17:37
1k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1.1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.8k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......