Barlaglar: ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri adamy genetika garanda, has çalt garradýar

  • 21.05.2025 15:54
  • 5.8k+

Sagdynlyk we uzak ömür genetika däl-de, köp babatda adamyň ýaşaýyş durmuşyna baglydyr. Alymlar ýarym milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerenlerinden soň, şeýle netijä geldiler.

Giň gerimli barlaglar genleriň garrylyga diňe 2% täsir edýändigini ýüze çykardy. Ýaşaýyş durmuşy bu görkezijä 17%, ýagny sekiz esse köp täsir edýär.
Garramaklygy çaltlaşdyrýan esasy faktorlara çilim çekmek, az hereketli durmuş ýörelgesi, köpçülikden üzňelik, ukyňy alyp bilmezlik, şeýle-de fiziki hem emosional ýadawlyk. Şeýle-de, girdejiniň derejesi we ýaşaýyş jaý şertleri hem möhümdir.
Garramaklyk bilen baglanyşykly 25 faktoryň 23-sini üýtgedip bolýar. Diýmek, töwekgelçilikleriň köpüsine gözegçilik edip bolýar we wagtyndan öň garramagyň öňüni almak, esasan, gündelik endiklere baglydyr.
Barlagyň awtorlary işjeň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň, adamyň oňaýsyz genetikasy bar bolan ýagdaýynda-da, garramaklygy haýalladyp we ömri uzaldyp biljekdigini nygtaýarlar.


düýn 12:32
4.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......