Alymlar radiasiýadan goraýan aýna döretdiler

  • 09.06.2025 21:59
  • 3.2k+

Halkara alymlar topary borosilikat aýnanyň täze görnüşini döretdiler. Ol betona (22,1%) we täjirçilik RS-360 aýnasyna (27,3%) garanda, radiasiýadan 28,3% has netijeli goragy üpjün edýär. Bu barada Ural Federal Uniwersitetine (UrFU) salgylanýan TASS habar berýär.

Gözlegiň awtorlaryndan biri Mahmud Karem Abdelazim Gaber: "Gorag äýnekleriniň düzüminde, adatça, zäherli gurşun oksidi bar. Biz neodimi we bariý oksidlerini goşmak bilen gurşunsyz aýnany ýasadyk. Olaryň atom belgisi ýokary. Bu radiasiýa goragyny gowulandyrýar we durulygy ýokarlandyrýar" - diýip, barlagyň awtorlarynyň biri Mahmud Karem Abdelazim Gaber gürrüň berýär.
Täze işläp taýýarlama has ýuka we dury gorag ekranlaryny hem-de  lukmançylyk, senagat we ýadro energetikasy üçin äýnekleri öndürmäge mümkinçilik berer. Gaberiň sözlerine görä, sary we ýaşyl ýagtylygy özüne siňdirýändigi sebäpli, şeýle aýnalar radioaktiw üstler bilen işlenende kebşirleýiş işleri üçin niýetlenen äýneklere dakmaga amatlydyr.
Sintez ýokary arassalaýjy komponentler bilen eredip-taplamak usuly bilen amala aşyryldy. Alymlar borosilikat esasyny agyr oksidler bilen güýçlendirdiler we durulygyny saklap, berkligini ýokarlandyrdylar.
Täze aýna 35-40% gurşun saklaýan analoglar bilen deňeşdirilende, 0,662 MeV gamma radiasiýasyndan 16% has gowy goragy görkezdi. Netijeliligi Phy-X programmasy bilen tassyklandy.


şu gün 17:37
773

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1.1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......