Heýwere keseli Amerikada Kolumbyň ekspedisiýasyndan müňlerçe ýyl öň peýda bolupdyr

  • 04.06.2025 15:41
  • 4.1k+

Taryh okuw kitaplarynda heýwere keseliniň Täze Dünýä ispaniýaly deňizde ýüzüji Kristofer Kolumbyň yklymy açmagy bilen ýewropaly kolonizatorlar we XV asyrda ispan basybalyjylary tarapyndan getirilen diýip hasaplanýar. Science žurnalynda çap edilen täze barlag bu nazaryýeti puja çykarýar.

Gadymy DNK keseliň bu ýerde has öňräkden bäri bolandygyny görkezýär.
Heýwere ýa-da lepra keseli iň gadymy ýokanç kesellerden biridir. Kesel barada Hytaýyň, Hindistanyň we Müsüriň edebi ýadygärliklerinde agzalýar.
Dünýäde heýwere keselleriniň aglaba bölegi Mycobacterium leprae bakteriýasy sebäpli ýüze çykýar. Şeýle-de bolsa, 2008-nji ýylda Tehas uniwersitetiniň professory Sýan-Ýan Han tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän topar Meksikanyň iki ýaşaýjysynda başga bir heýwere patogenini - Mycobacterium lepromatosis-i tapdy. Soňra bakteriýalar Amerikanyň beýleki ýurtlarynda, şeýle hem Aziýada hem tapyldy.
Han bu patogeniň Amerikada ýewropalylar gelmezinden ozal bolandygyny ýa-da bolmandygyny anyklamak kararyna gelipdir. Ol genetikler we ýerli halklaryň wekilleri bilen bilelikde ýewropalylar bilen aragatnaşyk saklamazdan ozal ýaşap geçen 389 adamyň gadymy DNK-syny seljerdi. Mycobacterium lepromatosis-iň yzlary Alýaskadaky we Argentinadaky galyndylardan tapyldy. Olaryň hemmesi takmynan X asyra degişlidir. Tapyndylaryň arasyndaky uzaklyk 12 müň kilometre barabardyr. Bakteriýalaryň genomlary birneme tapawutlandy, bu onuň dürli sebitlerde garaşsyz bar bolandygyny görkezýär.
Barlag Mycobacterium lepromatosis bilen Mycobacterium leprae-iň bakteriýalarynyň arasyndaky esasy we örän möhüm tapawudy düşündirdi. Birinjisi,  esasanam, aýaklardaky gan damarlaryny zaýalaýar. Periferiýa nerw ulgamyna täsir edýän we süňklerde yz galdyrýan heýwere keseliniň nusgawy görnüşinden tapawutlylykda, Mycobacterium lepromatosis gan damarlaryny dykyp, deriniň ölmegine getirýär. Bu köplenç nekroza, ganyň zäherlenmegine we ölüme sebäp bolýar. Patogen bagra we dalaga geçip bilýär.
Şeýle-de bolsa, Mycobacterium lepromatosis sebäpli käte, süňkler heniz adaty heýwerä mahsus zeperi görkezmäge ýetişmänkä, adamlar ir ölýärler. Bu arheologlaryň Kolumbdan öňki Amerikada näme üçin uzak wagtlap heýweräniň alamatlaryny tapmandyklaryny düşündirýär.


şu gün 08:02
1.1k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
894

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.5k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......