Beýik britaniýaly alymlar tozan bölejigine barabar skripka şekilini döretdiler

  • 09.06.2025 14:49
  • 5.2k+

Lafboro uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) fizikleri uzynlygy 35 mikron we ini 13 mikron bolan skripkanyň şekilini döretdiler, bu adam saçynyň tarynyň galyňlygyndan ýa-da tihohodkanyň ululygyndanam kiçi diýmekdir. Şeýle skripkany çalmak mümkin däl hem bolsa, nanolitografiýa pudagyndaky iň ösen synaglara bagyşlanan barlagyň netijesine görä, bu iş çynlakaý ylmy ähmiýete eýedir.


Saçyň tary (çepde) we skripkanyň şekili (sagda)

Taslamanyň gidişinde hünärmenler terminal skanirleýän zond litografiýasy üçin gurluş bolan NanoFrazor-dan peýdalandy. Ol gyzdyrylanda materiallara nanogöwrümli nagyşlary salýan iňňeli uçluk bilen enjamlaşdyrylan. Onuň kömegi bilen alymlar skripkanyň kiçijik şekilini çekdiler, soňra ony platina bilen örtdüler. Ýörite enjam bolmasa ony görmek mümkin däl - skripkanyň tozan bölejiginden tapawudy ýok.
Alymlar nanolitografiýa tehnologiýasynyň mikroçipleriň geljekki nesillerini  döretmekde möhüm rol oýnap, hasaplaýyş we energiýa ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna ynanýarlar.


düýn 10:51
919

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....